JEMGYÝET

Balkan welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Düýn ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlisde  Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipleri Size ýetirýäris.

Balkan welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler:

  1. Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çägindäki syýahatçylyk infrastrukturasyny, bu etrabyň has-da depginli ösmegini üpjün etmek, ulag, port, senagat mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, şäheri bir edara ediş merkezinden dolandyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny ýatyrmak;
  2. Etrap hukukly Gumdag, Hazar şäherleriniň hukuk derejesini üýtgedip, olara şäherçe derejesini bermek hem-de olary Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek;
  3. Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini ýatyryp, oňa oba derejesini bermek we ony Hazar şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek;
  4. Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Oglanly obasyny, Esenguly etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek teklip edilýär.
  5.  Serdar etrabynyň we Serdar şäheriniň adyny üýtgedip, olara taryhy adyny, ýagny Gyzylarbat adyny dakmak hem-de etrap hukukly Serdar şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek we ony Serdar etrabynyň düzümine geçirmek teklibi öňe sürüldi.
  6. Şu nukdaýnazardan, Bereket etrabynyň Däneata geňeşligini ýatyryp, onuň Däneata obasyny Oboý geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  7. Magtymguly etrabynyň Gyzylymam geňeşligini ýatyryp, onuň Gyzylymam obasyny Çendir geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  8. Türkmenbaşy etrabynyň Goşaoba geňeşligini ýatyryp, onuň Goşaoba, Süýli, Ybyk we Gürji obalaryny hem-de Oglanly şäherçesiniň Hudaýberdi obasyny Akguýy geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýlelikde, Bereket, Esenguly, Etrek, Magtymguly, Serdar (Gyzylarbat) we Türkmenbaşy etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, 1 sany şäherdäki etraby, 6 etrapdaky şäheri, 14 şäherçäni, 30 geňeşligi we 114 sany obany Balkan welaýatynyň çäginde galdyrmak teklip edilýär.

 

Ahal welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Ýene-de okaň

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy