JEMGYÝET

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistana geldi

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiň(parlament) ýolbaşçysy Nurlanbek Şakiýew resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada gyrgyz metbugaty habar berýär.

Gyrgyz parlamentiniň ýolbaşçysyny Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Rozyýew garşylady.

Gyrgyz wekiliýeti Aşgabada saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygyna gatnaşar. Şeýle forumyň ilkinjisi geen ýyl “5+1” formatynda Koreýa Respublikasynda geçirilipdi.

Gyrgyz parlamentiniň ýolbaşçysy Aşgabada amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirer. Onda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, parlament gatnaşyklarynyň giňeldilmegi boýunça pikir alşylar.

Related posts

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy

TMCARS: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşyda täze köpugurly hassahananyň açylyşyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri