JEMGYÝET

Leonid Anfimow: Türkmenistan Prezident saýlawlaryna taýýar

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işini alyp barýar. 2-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.

Şol gün GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň halkara synçylary Aşgabat şäherindäki birnäçe saýlaw uçastoklaryny aýlanyp gördüler. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Synçylar Türkmenistanyň paýtagtyndaky saýlaw kompaniýasynyň ýokary derejede gurnalandygyny belledi. Synçylar toparynyň wekilleri saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň şertleri bilen tanyşdylar, saýlaw uçastogyndaky agzalar bilen gürrüňdeş boldular.

Synçylar häzirki döwrüň şertlerine laýyklykda, öňüni alyş çäreleriň berk berjaý edilýändigini bellediler.

– Saýlaw uçastoklary içerki kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy we enjamlaşdyryldy. Bular diňe saýlaw uçastoklary däl, eýsem saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlaw maksatnamalary barada hem giň maglumat almaga mümkinçilik döredilen wagyz-ediş nokatlary hem bolup durýandygyny bellemek isleýärin. Saýlaw uçastoklarynda ýörite otaglar döredilip, ol ýerde hukuk resminamalary, kanunçylyk namalary we ilkinji nobatda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Saýlaw kodeksi ýerleşdirilipdir – diýip, Leonid Anfimow belläp geçýär.

 

Saýlaw-2022: halkara guramalaryndan synçylar çagyryldy

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi

Greýs Wan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellendi

Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy

Ahalteke bedewi – Gazagystanyň täze medeni nyşanyna öwrüldi