JEMGYÝET

Şokoladyň iýmeli möçberi

Bilşimiz ýaly, dünýäde süýji tagamlar örän kän we biz olary iýmägi örän halaýarys. Çagalarymyzyň we jigilerimiziň küýsegi, uly adamlaryň söhbetlerini has hem süýjıleşdirýän şokolad barada we onuň iýmeli möçberi barada maglumat bermegi makul bildik. Russiýanyň “RIA Nowosti” habarlar gullugynyň “Rospotrebnadzor” edarasyna salgylanyp taýýarlan habarynda, uly ýaşly sagdyn adamyň bir gezekde 50 gram möçberinde we ony hem iki gezekden köp iýmezligi maslahat berilýändigi mälim edildi.

Çagalar üç ýaşa çenli şokolad iýmekligi maslahat berilmeýär, aşgazan keselinden ejir çekýän adamlara şokolad örän agyr hasaplanylýar.

Bäş – alty ýaşlaryndaky çagalara şokolady hepde-de iki gezek we 20 gram möçberinde iýmek maslahat berilýär.

Şokoladyň ortaça mukdary adama örän peýdalydyr:

  1. 1. Işjeňleşdirýär.
  2. 2. Ünsüňi jemleýär.
  3. 3. Akyl işjeňligiňi höweslendirýär.

Şokoladyň düzümine girýän antioksidantlar, aşgazanyň immunitetini berkidýär we adamyny ýaş saklaýar. Şokoladyň düzümine köp mukdarda şeker we ýag maddalary goşulýar we şonuň bilen şokolady aşa iýmegi maslahat berilmeýär. Sebäbi ol adam bedenine semremegi we süýji keseline getirýär diýip, lukmanlar belläp geçýärler.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy