Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň VI sammiti geçirilýär. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilýän sammitiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň VI sammiti bu geňeşiň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär. Munuň üçin Gazagystanyň paýtagtyna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bir hatarda 10 döwletiň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Yragyň, Gyrgyz Respublikaysnyň, Palestinanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Prezidentleri, Kataryň Emiri, Wýetnamyň wise-prezidenti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary we 5 ýurduň ministrleri gatnaşýar. Belarusyň Prezidenti bu geňeşiň synçy agzasy hökmünde sammitde öz ornuny aldy.
Gazagystanyň 1992-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýaysnyň 47-nji mejlisinde öňe süren başlangyjy bilen döredilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiň agzalarynyň sany 27-ä deňdir. Bu hem Aziýa yklymynyň 90 göterimini eýeleýär.
TÜRKMENISTAN BU GEŇEŞE SYNÇY BOLDY
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geňeş döredilen gününden bäri olaryň agzalarynyň we synçylarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny belledi.
Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşine synçy agza hökmünde goşulandygyny belledi. Şeýle hem ol geňeş bilen Ýewraziýa ykdysady bileleşigi hem-de Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň kabul edilendigini mälim etdi.
Gazagystanyň Prezidenti şu sammitde Geňeşiň gazanasyny döretmek babatda möhüm kararyň kabul ediljekdigini belläp, onuň döredilmeginiň Geňeşiň taslamalaryny saýlap alyp, olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini belledi.
Bu geňeşiň sammitine BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterriş hem wideoýüzlenme iberdi. Guterriş öz wideoýüzlenmesinde Aziýanyň ösüşinden hemmeleriň utuşly boljakdygyny belledi.