DÜNÝÄ

Russiýanyň Dumasynyň Başlygy Türkmenistana sapar bilen geler

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana iş sapary bilen gelmegine garaşylýar. Şol bir wagtda Russiýanyň paýtagty Moskwada Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Grigoriý Karasin habar berdi.

– Moskwada Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň saparyna taýýarlyk görülýär. Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin hem şu ýylyň ahyryna çenli Aşgabada iş saparyny amala aşyrmaga taýaýrlyk görýär – diýip, rus senatorynyň çykyşyny “TASS” habarlar gullugy habar berýär.

Rus wekili Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň saparynyň çäklerinde Russiýanyň Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça topar döretmek babatda aýratyn ylalaşyga gol çekiljekdigini mälim etdi.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi ýapon-türki döwletleri wekili Tugrul Matsumoto bilen duşuşdy

Awaza: Täjigistanyň Prezidenti Hormat nyşany bilen sylaglandy

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýakynda başlaýar

vepa

Leave a Comment