JEMGYÝET

ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň çäklerinde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň (“С5+1”) duşuşygy geçirildi. Onda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar sebit hyzmatdaşlygynyň işjeň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Sebit ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar “С5+1” formatyndaky wirtual sekretariatyň döredilmegine oňyn baha berdiler. Onuň duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmaga hem-de institusional goldawy üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi. 

“С5+1” formatyndaky duşuşyklar Merkezi Aziýa döwletleri (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) we ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary utgaşdyrmak üçin döredildi. 2015-nji ýylda döredilen bu mehanizm ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ugurlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ilerletmek üçin iş alyp barýar. 

Related posts

Hytaýdan Pars aýlagyna täze ýük gatnaw ugry: Türkmenistanyň artan orny

vepa

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

Žurnalistleriň arasynda ýaryş geçirildi

vepa

Leave a Comment