JEMGYÝET

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişi paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda geçirmegi meýilleşdirilýär. Onuň açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda guralar.

Sergide hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar.

Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri, geljekki ösüş maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik dörediler.

Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

“Türkmenhowaýollary” agentligi üçin anyk görkezmeler berildi

Aşgabatdaky binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary