JEMGYÝET

Si Szinpin döwlet sapary bilen ABŞ-a bardy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin amerikan tarapynyň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen ABŞ-a bardy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hytaýyň liderini howa menzilinde hut özi garşylady.

“Financial Times” gazeti Trampyň Si Szinpini Endrýus harby-howa bazasynda garşylandygyny belläp, şeýlelikde, ol 60 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek protokol düzgüninden çykdy. Bu bolsa Hytaýyň liderine uly hormat goýulýandygyny görkezýär.

Si Szinpiniň ABŞ-a döwlet sapary 23–25-nji sentýabr aralygynda dowam eder. Saparyň dowamynda iki ýurduň liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem dünýä parahatçylygyna we ösüşine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Tramp 13–15-nji maý aralygynda Hytaýa saparda bolupdy.

Si Szinpiniň ABŞ-a ilkinji döwlet sapary 2015-nji ýylyň sentýabrynda bolupdy. Şonda HHR-iň lideri Sietl, Waşington we Nýu-Ýork şäherlerine barypdy. Nýu-Ýorkda ol BMG-niň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen birnäçe çärä gatnaşypdy.

Şondan soň Si Szinpin 2016-njy ýylda Waşingtonda geçirilen 4-nji Ýadro howpsuzlygy sammitine gatnaşmak üçin ABŞ-a bardy. 2017-nji ýylda ol Floridadaky Mar-a-Lago rezidensiýasynda Tramp bilen duşuşdy. 2023-nji ýylda bolsa Si Szinpin APEK sammitine gatnaşmak üçin San-Fransisko barypdy.

Related posts

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi

Türkmen wekiliýeti Urumçide saparda boldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy