Türkmenistanda şu ýylyň ahyryna çenli 5 müň 300-e golaý täze iş ornunyň döredilmegine garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Döwlet Baştutany täze kärhanalaryň gurulmagynyň we bar bolan kärhanalaryň durkunyň täzelenmeginiň hasabyna ýurdumyzda täze iş orunlarynyň döredilýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow:
«Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar» diýip belledi.
Bu işler «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Konsepsiýanyň esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek boýunça işler geljekde hem dowam etdiriler.
Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylýandygyny aýdyp, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanynyň çykyşynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň çäklerinde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş ornunyň dörediljekdigi hem bellenildi.
