BIZNES

Türkmen-rus dostlukly söwda gatnaşyklaryna täze badalga

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilelikde Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäheriniň portlaryndan Türmenbaşy Halkara deňiz portyna däne önümleriniň multimodal üstaşyr gatnawyny ýola goýdy.

Uzak geljegi nazarlaýan bu gatnaw ulag ulgamynyň hazirkizaman üstaşyr gatnawy amala aşyrmagy dostlukly söwda gatnaşyklary has-da pugtalandyrar.

Gözbaşyny buýsançly taryhdan alyp gaýtýan türkmen-rus dostlukly söwda gatnawy iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz önünde tutýar.

Bu barada “railway.gov.tm” internet neşiri habar berýär.

Related posts

Rusya ve Kazakistan, Türkmenistan ile stratejik ortaklığını onayladı

vepa

Birža täzelikleri

“Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy