MEDENIÝET

Ilon Maskyň durmuşy barada film surata düşüriler

Tehnologiýa ulgamyndaky öňdebaryjy pikirleri bilen öňe saýlanan Ilon Maskyň durmuşy barada film surata düşüriler. Filmiň režissýory birnäçe meşhur filmleri surata düşüren Darren Arafonski bolar.

“Tesla”, “SpaceX” we “X” (Twitter) kompaniýalaryna eýe bolan milliarder Ilon Maksyň durmuşy uly ekrana ylham berdi. 52 ýaşly amerikan inženeriň durmuşy “A24” film we teleýaýlym kompaniýasy tarapyndan surata düşüriler.

Bu film žurnalist Uolter Aýzensokyň dünýäniň baý adamynyň biografiýasy barada ýazan kitaby esasynda ýazyljak ssenariýa boýunça surata düşüriler. Bu kitap şu ýylyň sentýabrynda çap edildi.

Uolter Aýzekson mundan ozal “Apple” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiw Jobsuň hem durmuşy barada kitap ýazypdy we şol kitap 2015-nji ýylda çap edilipdi.

Ilon Mask “Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, 223,8 milliard dollarlyk baýlygy bilen dünýäniň baýlarynyň sanawynda birinji orunda durýar.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär