MEDENIÝET

Moskwaly sirk ussatlary Aşgabatda myhmançylykda

Häzirki wagtda dünýäde iň abraýly sirkleriň biri bolan Moskwanyň Uly döwlet sirki paýtagtymyzda döredijilik saparynda bolýar.

Ýurdumyzyň Döwlet sirkinde çykyş edýän Aleksandr Popowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň artistleriniň arasynda Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti Dolores Zapaşnaýanyň tälim berýän aýylarynyň, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti Boris Nikişiniň kloun-degişme çykyşlary, ýörite tälim berlen torsuklaryň, kepderileriň, güjükleriňdir pişikleriň çykyşlary, darbazlaryň, çeper gimnastikaçylaryň, geň-taň oýunlary ýerine ýetirýän hokgabazlaryň, gözbagçylaryň ussatlygy sirk muşdaklarynyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu halkara çäre 10-njy ýanwara çenli dowam eder.

Related posts

Aşgabadyň tomaşa jaýlarynda bu hepde

Ata Watan Eserleri

Meşhur kompozitora bagyşlanan konsert

Ata Watan Eserleri

Nobel hepdeligi: edebiýat baýragynyň ýeňijisi belli boldy

Leave a Comment