MEDENIÝET

Hindi kinosynyň uly ýitgisi

Bolliwudyň meşhur ýyldyzy Çiranjeewi Sarja 39 ýaşynda aradan çykdy. Hindistanda 20-den gowrak filmde çykyş eden we “Emma I love you” filmi bilen meşhurlyk gazanan Sarjanyň ýürek agyry zerarly aradan çykandygy aýdylýar.

Çiranjeewi Sarja meşhur aktýor Arjun Sarjanyň ýegeni we hindi kinosynyň iň belli şahsyýetlerinden biri bolan Şakti Prasadyň agtygydyr. Ol 2018-nji ýylda Meghana Raj bilen durmuş gurdy.

Hindistanyň belli artistleri we janköýerler Çiranjeewi Sarjany hatyralamak üçin sosial ulgamlarda dürli görnüşdäki “Onuň ölümi hindi kinosy üçin pajygaly ýitgi”, “Onuň duýdansyz gitmegi gaty agyr degdi” diýen ýaly birnäçe ýazgylary paýlaşyp, öz gynançlaryny bildirdiler.

Related posts

“Takiýa” başgaplary ozalky meşhurlygyna gaýtadan dolanyp gelýär

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly noýabr aýynda geçiriler

Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Dr.Döwran Orazgylyjov