BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan elektrik energiýasy boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy

Türkmenistanyň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) elektrik energetika kompaniýasynyň arasynda türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini 2023-nji ýyl boýunça uzaltmak babatda ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada Owganystanyň Suw we energetika ministrligi habar berdi.

– 2023-nji ýylda elektrik energetikasyny ibermek boýunça ylalaşyga DABS-yň baş direktory Alhaj Muhammad Hanif Hamza bilen “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýolbaşçysy gol çekdi – diýlip metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Gol çekmek dabarasyna Owganystanyň suw we energetika boýunça ministri Abdul Latif Mansur hem gatnaşdy.

Türkmenistan köp ýyllardan bäri Owganystana ýeňillikli bahadan elektrik energiýasyny iberýär. Şeýle hem Owganystan Täjigistandan we Özbegistandan hem elektrik toguny satyn alýar. Täjigistandan elektrik togy maý-sentýabr aýlarynda, Özbegistandan bolsa oktýabr-aprel aýlary arasynda import edilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi