JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

18-19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Sian şäherine bardy.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň uly üstünliklere beslenendigini belledi. Ol Türkmenistanyň Prezident bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlarda strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarjakdyklaryna ynam bildirip, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypalaryň açylýandygyny mälim etdi.

Si Szinpin iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň üstünden 31 ýylyň geçendigini belläp, Hytaýyň Türkmenistan bilen iki ýurduň halklaryna uly peýda getirjek ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlandan soňra, döwlet Baştutanlaryň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Related posts

“Atavatan Türkmenistan” dergisi Küresel Konferansta Dağıtılan Tek Yayın Organı

vepa

Eýranyň milli baýramy Aşgabatda bellendi

Ata Watan Eserleri

Iň uly uçar hyzmata başlady

vepa

Leave a Comment