JEMGYÝET

Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan ulag ugry işjeňleşdiriler

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi.

Ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Beýannamada bellenilip geçilişi ýaly, üç ýurduň ulag, logistika we üstaşyr geçirmek babatda uly mümkinçiligini göz öňünde tutup, taraplar ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýärler.

Ulag babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek we üç ýurduň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini peýdalanmak maksady bilen, taraplar üç ýurduň deňiz portlaryna, şol sanda Hazar deňzine we Pars aýlagyna çykmagy üpjün edýän Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan ulag ugry boýunça multimodal daşamalary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Taraplar nyrhlary mundan beýläk-de amatlylaşdyrmaga we daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda amatly şertleri döretmäge gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ylalaşdylar hem-de şu maksat bilen öz döwletleriniň ulag edaralarynyň ýolbaşçylaryna şu ýylyň ahyryna çenli duşuşyklary geçirmegi tabşyrdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment