DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Prezident Ärdogana ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyna täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ynanç hatyny gowşurdy.

Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň ilçisini kabul etdi. Kabul edişlikde ilçi Tükriýäniň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryp, bu ýurtdaky diplomatik wezipesine resmi taýdan girişdi.

Mekan Işangulyýew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan iýul aýynda Türkiýe Respublikasy boýunça Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi hökmünde bellenipdi.

Ol mundan ozal, Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň ilçisi wezipesinde işläpdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar