DÜNÝÄ

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanda saparda bolar

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin TASS habarlar gullugyna beren interwýusynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň gurnalmagynyň asylly däbe öwrülendigini belledi.

Şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Tatarystanyň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.

Related posts

Türkmenistan-ÝHHG: geljek ýyl 68 taslama durmuşa geçiriler

Ata Watan Eserleri

Ýanwar-oktýabr aýlary: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si kabul edildi

Täze keselli ýüze çykmady

Dr.Döwran Orazgylyjov

Leave a Comment