BIZNES

Türkmenistan bilen Eýran swop gaz ibermegiň möçberini artdyrýar

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň baş direktory Majid Çegani bir gije-gündiziň dowamynda 10 million kubmetr Türkmenistanyň tebigy gazyny swop görnüşinde ibermegiň möçberini artdyrmak ugrunda tagalla edilýändigini belledi.

Metbugat ýygnagynda çykyş eden Çegani şeýle diýdi: “Türkmenistan bilen swop gaz ibermegiň möçberini 4,5-dan 8 million kubmetre çenli artdyrmak boýunça ylalaşdyk. Şeýle hem türkmen gazynyň gysga we uzakmöhletleýin import edilmegi babatda ylalaşyk gazanyldy”.

Eýranyň ygtyýarly wekiliniň bellemegine görä, Türkmenistandan bir gije-gündiziň dowamynda 10 million kubmetr tebigy gaz geçirmegiň synagynyň üstünlikli amala aşyryldy. Türkmenistanyň tebigy gaz känleriniň mundna beýläk özleşdirilmeginiň meýilnamasyna laýyklykda, import möçberiniň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Eýranyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda 2021-nji ýylyň noýabrynda swop gaz ibermek boýunça ylalaşyk gazanylypdy.

Şol ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistan bir gije-gündiziň dowamynda Eýrana 4-4.5 million kubmetr tebigy gaz iberdi. Tähran we Baku türkmen tebigy gazyny swop görnüşinde import etmegiň möçberini artdyrmak babatda taýýardyklaryny belledi.

Related posts

6 aýda 68 milliard dollar girdeji gazandy

Ata Watan Eserleri

«Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» Paýdarlar jemgyýeti täze taslama amala aşyrar

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Leave a Comment