BIZNES

Dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmäge geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $17,7 million we 1,6 million manat bolan 13 geleşik baglaşyldy.

Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri 14,2 müň tonna gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny jemi $15,9 million satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 7,8% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy $1 121,25 deň boldy.

Owgan işewürleri 3 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gazy jemi $1,6 million satyn aldy. Şol bir wagtyň özünde STG-niň bahasy öňki baglaşylan geleşikler bilen deňeşdirilende 3,4% ýokarlandy.

Gyrgyzystandan gelen işewür söwdalaryň dowamynda nah ýüplüklerini $235,9 müň satyn aldy. BAE-niň wekili 1,6 million manada nah ýüplük almak üçin milli pulda geleşik baglaşdy.

Related posts

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

Türkmenistan bilen Germaniýa bilelikdäki beýannama gol çekdiler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar