SPORT

Amerikanyň kompaniýasy “Milan” toparyny satyn aldy

Soňky döwürde Amerikanyň kompaniýalary Ýewropada futbol toparlaryny satyn alýar. Amerikaly işewür Todd Boli Angliýanyň “Çelsi” toparyny satyn alypdy. Häzir bolsa, başga bir amerikan topary Italiýanyň “Milan” topary satyn aldy.

Amerikanyň “RedBird Capital Partners” maýa goýum kompaniýasy Italiýanyň “Milan” toparyny doly satyn aldygy mälim etdi. Bu babatda “Elliott Advisors UK Limited” kompaniýasy bilen geleşik baglaşyldy.

Geleşigiň bahasy 1,2 milliard ýewro deňdir. Şeýlelikde, bu geleşik dolulygyna ýapyldy. Şol bir wagtda “Elliot” kompaniýasy “Milan” toparynda köp bolmadyk emläk bähbitlerini we direktorlar geňeşinde ornuny saklap galýar.

“RedBird Capital Partners” kompaniýasy “Fenway Sports Group” kompaniýasynyň maýadary. Bu kompaniýa “Liwerpul” futbol topary hem-de “Boston Red Soks” beýsbol toparyna eýeçilik edýär. Şol bir wagtda “RedBird” kompaniýasy Fransiýanyň “Tuluza” futbol toparynyň gözegçilik paýnamalaryna eýedir.

Related posts

1 milliarddan gowrak bergisi bolan futbol topary

Ata Watan Eserleri

Ýewro-2020: Italiýa uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda geçiriljek Dünýä Kuraş çempionaty üçin petekleriň satuwy başlandy

Ata Watan Eserleri