BIZNES

«Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, konserniň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Pakistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyna ygrarly

«Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» halkara ylmy maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda durnukly islege eýe bolýar