MEDENIÝET

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen dutarçylaryň we bagşy-sazandalaryň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde geçirilen tapgyry türkmen milli sungatynyň baýramyna öwrüldi. Ol Daşoguz şäherindäki iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen kaşaň «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.

Bäsleşige bagşy-sazandalaryň we dutarçylaryň hersinden onusy gatnaşyp, olar halk arasynda meşhur aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda dutarda saz çalmak boýunça Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Ürpekow, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumageldiýew, bagşylaryň arasyndan halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Rahym Arazgeldiýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Täzegül Atajanowa ýeňiji diýlip yglan edildi we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bagşylaryň we dutarçy-sazandalaryň döredijiligi Daşoguz welaýatynda aýratyn meşhur aýdym-saz ugrudyr. Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde beýleki ugurlar bilen birlikde bagşyçylyk sungaty öwredilýär. Daşoguz şäherinde 1992-nji ýylyň dekabryndan bäri welaýatyň özboluşly bagşylar muzeýi hereket edýär. Aşyk Aýdyň piriň aramgähi ýerleşýän Ruhubelent etrabynda bolsa dutaryň hormatyna dikilen ýadygärlik bar. Şeýle hem Daşoguz welaýatynda dutar, gyjak we beýleki milli saz gurallaryny ýasamak senedi hem ösendir.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy