MEDENIÝET

Türkmen-özbek dostluk festiwaly geçiriler

Daşoguz welaýatynda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dostluk festiwalyny, özbek tarapy bilen ylalaşyga laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 16-17-nji noýabrda geçirmek teklip edilýär. Festiwalyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, doganlyk halklaryň amaly-haşam sungatynyň sergisini guramak, sahna oýunlarynyň, filmleriň görkezilişi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde boljak döredijilik forumynyň gadymyýetden gaýdýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy