JEMGYÝET

Ärdogan we Kadyrow Türkmen Liderini gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň baştutany Ramzan Kadyrow Türkmenistanyň Prezidentine Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdi.

Bu gutlag hatlarynda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti, gadyrly doganym!

Sizi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu nurana baýram tutuş adamzada parahatçylyk we abadançylyk getirsin!

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we ösüş dileg edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Gurban baýramy — her bir musulman üçin mukaddes bolan bu nurana baýram mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Goý, Beýik Biribar şu baýramçylyk günlerinde edilen doga-dilegleri hem-de sogap işleri, asylly maksatlary we umyt-arzuwlary kabul etsin! Şeýle asylly işler üçin Gudraty Güýçli Allatagala çäksiz rehimdarlyk eçilsin!

Goý, Beýik Biribar Sizi ähli gowulyklar bilen gurşap alsyn hem-de ýoluňyza nur saçsyn!

Beýik Biribar hemmelere parahatçylyk we rehim-şapagat eçilsin!

Ramzan KADYROW,
Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň baştutany.

 

Aşgabatda halkara ulag forumy geçirilýär

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär