BIZNES

Türkmenistana täze otlular getirildi

«Türkmendemirýollary» agentligi Russiýada öndürilen kuwwatly magistral teplowozlaryň bäşisini satyn aldy. Brýansk maşyngurluşygy zawodynyň («Трансмашхолдинг» PJ) hünärmenleriniň taýýarlaýan ýük otlulary, çylşyrymly ýollarda, agyr howa şertlerinde ulanmaga niýetlenenedir.

Olar ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan «Türkmendemirýollary» agentliginiň AGPJ-niň lokomotiwleriniň hataryna goşular. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda bellenilip geçilýär.

2020-nji ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda «Demirýollary» AGPJ-sy bilen «Трансмашхолдинг» PJ-niň arasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana Russiýada öndürilen ТЭП70БС ýolagçy otlusy we 2ТЭ25КМ magistral ýük otlusy getirilipdi.

Related posts

Türkmenistanda izobutan öndürýän desga gurlar

Türkmenistandan Hytaýa gaz eksporty üçin möhüm desga açyldy

Türkmenistan Tatarystana sement eksport etmäge taýýar