DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Garagalpagystandaky wakalar boýunça beýanaty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berýär.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar.

Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly  häsiýetleri ýüze çykýan ähli meseleleri we kynçylyklary ýeňip geçjekdigine, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň döwlet we jemgyýet institutlarynyň durnukly ösüşini üpjün etjekdigine berk ynanýarys.

Türkmenistan Özbegistanyň ýakyn goňşusy hökmünde, bu ýurt bilen doganlyk, dostluk we ýakyn  hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen baglanandygy üçin, zerur bolan goldawy we ýardamy bermäge özüniň taýýardygyny mälim edýär.

 

 

Ýene-de okaň

Hytaýyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýeti Türki dünýäsiniň kino ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Ermenistanyň parlament wekilleriniň onlaýn duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistan Tailanda ilçi belledi