Ispaniýanyň futbol çempionatynyň 2022-2023-nji möwsümi 14-nji awgustda badalga alar. “La Liga” çempionatynyň täze möwsümi 2023-nji ýylyň 4-nji iýunynda tamamlanar.
Çempionatyň öňdebaryjy toparlary bolan “Real Madrid” myhmançylykda “Almeýra”, “Barselona” öz meýdançasynda “Raýo Walekano”, “Atletiko Madrid” bolsa myhmançylykda “Hetafe” bilen duşuşar.
Ispaniýanyň çempionatynyň iň gyzykly duşuşygy bolan “El Klasikonyň” hem geçiriljek seneleri belli boldy. Dünýäniň ähli ýerinden köp sanly janköýerleri özüne çekýän “El Klasiko” ýagny “Barselona” bilen “Real Madrid” toparynyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 16-njy oktýabrda bolar. Çempionatyň 9-njy tapgyrynda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul eder.
Çempionatyň 26-njy tapgyrynda, ýagny 2023-nji ýylyň 19-njy martynda “Barselona” topary “Real Madrid” toparyny kabul eder.
Şeýle hem “Real Madrid” bilen “Atletiko Madrid” toparlarynyň arasyndaky Madrid derbisi 18-nji sentýabrda (6-njy tapgyrda) we 26-njy fewralda (23-nji tapgyrda) geçiriler.
