DÜNÝÄ

Seul Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Park Jin çarşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşdy we Günorta Koreýanyň sebitdäki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny tassyklady. Bu barada Günorta Koreýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

Pak bäş ýurduň – Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ilçihanalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, täze hökümetiň daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy, şeýle hem Günorta Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Hususan-da, ol energetika, saglygy goraýyş, bilim, elektron hökümet, howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyk taslamalaryny giňeltmegi teklip etdi.

Park, diňe bir hökümetiň däl, eýsem işewürleriň, ylmy we medeni toparlaryň hem gatnaşmagynda 2007-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän Koreýa-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumynyň özara gatnaşyklaryň täze geljegini kesgitlemek we bileleşigi ösdürmek üçin möhüm bir meýdança öwrülendigini aýtdy.

Ministr şu ýylyň ikinji ýarymynda Seulda geçiriljek 15-nji Günorta Koreýa-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary hem köp ugurlar boýunça ulgamlaýyn aragatnaşyk üçin esas bolan forumyň ähmiýetine ýokary baha berdiler, şeýle hem ministri hem-de ýurduň ýolbaşçylaryny Günorta Koreýanyň “Nuriho” atly ilkinji raketa-göterijisiniň 21-nji iýunda üstünlikli işe girizilmegi bilen gutladylar.

 

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasarynyň Türkmenistana sapary

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri