DÜNÝÄ

Ýewropa Bileleşiginiň taslamalary boýunça duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişini bellediler.

Howanyň üýtgemegi we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri gozgaldy.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa sarp edilişini kemeltmek, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligini ýokarlandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmek boýunça edýän tagallalary baradaky maglumatlary berdiler, şeýle hem bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär