DÜNÝÄ

Türkmenistan Russiýa gynanç bildirdi

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna Kemerowsk oblastynyň “Listwýažnaýa” kömür şahtasynda emele gelen heläkçilik sebäpli gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Metbugat beýanatynda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Listwýažnaýa” kömür şahtasynda emele gelen heläkçilik sebäpli çuňňur gynanjyny bildirdi.

Hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Rus metbugatynyň habaryna görä, Kemerowsk oblastynyň “Listwýažnaýa” kömür şahtasynda ýüze çykan heläkçilikde 50 adam aradan çykdy.

 

YHG-niň Işewürler forumy: Ösüş Bankyny we Ösüş Gaznasyny döretmek teklip edildi

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy