SPORT

“Finalissima-2022”: Italiýa-Argentina

Şu gün Aşgabat wagty bilen 23:45-de “Finalissima-2022” kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşda Italiýanyň milli ýygyndysy bilen Argentinanyň milli ýygyndysy duşuşýar.

Ýewropanyň çempiony bolan Italiýa bilen Amerikanyň kubogynyň eýesi Argentinanyň arasynda geçirilýän duşuşyk Angliýanyň London şäherindäki meşhur “Uembli” stadionynda geçiriler.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi milli ýygyndysy bilen ýene-de bir kubogy gazanmak mümkinçiligine eýe bolýar.

“Finalissima” ady bilen geçiriljek bu duşuşyk barada 2021-nji ýylyň dekabrynda degişli çözgüt kabul edildi.

“Finalissima” kubogy bir duşuşykdan ybaratdyr. bu duşuşykda goşmaça wagt berilmeýär we 90 minutda hasap açylmadyk ýagdaýynda, gönüden-göni 11 metrlik jerime urgulary geçiriler.

Kubok barada…

Bu kubok ýaryşy ilkinji gezek geçirilýär. Ol Ýewropanyň futbol federasiýasy bolan UEFA bilen Günorta Amerika futbol konfederasiýasy bolan KONMEBOL arasynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýär.

Ozal bu guramalaryň arasynda FIFA-nyň ozalky ýolbaşçysy Artemio Frankiniň kubogy ýaryşyň geçirilipdi. Şonuň çäklerinde 1985-nji ýylda Fransiýa Urugwaýy 2:0 hasabynda, 1993-nji ýylda bolsa Argentina Daniýany ýeňipdi.

 

BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary Halk Maslahatynyň Başlygyna hat iberdi

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi