DÜNÝÄ

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sylaglandy

Şu gün geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çäklerinde sylag gowşuryş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa abraýly sylaglaryň birnäçesi berildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň «Hormatly ýaşulusy» ordeni, şeýle-de «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnalynyň we «Dede Korkut» Milli fondunyň «Uly türk» ordeni hem-de «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» atly milli baýragy bilen sylaglanyldy. Foruma gatnaşmaga gelen Azerbaýjanyň wekiliýetiniň degişli agzalary Halk Maslahatynyň Başlygyna mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllyk ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy özüne berlen ýokary sylaglar üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de dabaranyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak barada karara gelnendigini yglan etdi we hormatly myhmana bu sylagy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

 

Parlamentara forumy suratlarda

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary