Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy giňden wagyz edilýär, arassa daşky gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ekologiýa abadançylygyna, tebigatyň gözelligine uly ähmiýet berilýär. Adamzat we tebigat öňden bäri aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamlaryň sagdynlygy belli bir derejede tebigatyň arassalygyna baglydyr. Daş-töweregi gurşap alan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak we tygşytly peýdalanmak adamzadyň öňündäki möhüm meseleleriň biridir. Şonuň üçin daş-töweregimizi gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem mukaddes borçdur.
Häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzy uzakmöhletleýin bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bagy-bossanlyklar, güller adam durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olar tozany sorup, howany kislorod bilen baýlaşdyrýar, topragyň gurplanmagyny, hasyllylygyny üpjün edýär. Munuň özi bagy-bossanlygyň tebigat üçin hem, adam üçin hem uly peýdasynyň bardygyny aýdyň beýan edýär.
Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýar. Şu nukdaýnazardan tebigat ýaşaýşyň gönezligi bolup durýar. Halkymyz ýere, suwa, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek arkaly, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň asylly ýörelgelerini kemala getiripdir. Pederlerimiziň asylly däbiniň dowamy hökmünde, häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda gök zolaklar döredilýär. Bag ekmek ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň özboluşly innowasion usuly hökmünde kabul edilendir. Şol bir wagtda hem bu asylly çäre geljekki arassa howa şertlerini üpjün etmegiň girewi hökmünde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Bu iş tebigatyň ilkibaşdaky deňagramlylygyny dikeltmäge, durnukly saklamaga gönükdirilendigi bilen hem wajypdyr.
Türkmenistanyň tebigaty goraýyş babatynda kabul eden uzak möhletli meýilnamalarynda we hereket edýän degişli kadalaşdyryjy namalarda wagyz işlerine uly üns berilýär. Mekdeplerde daşky gurşawy gorap saklamak bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen sapaklaryň (dersleriň) girizilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa ýöriteleşdirilen hünärleriň taýýarlanylmagy, çöl ösümliklerini we haýwanlaryny goramak işlerini alyp barýan institutyň hereket etmegi halkyň tebigaty goramak medeniýetiniň kämilleşmegine möhüm goşant goşýar.
Rejepdurdy Gylyçdurdyýew, TOHU-nyn talyby.
