SPORT

UEFA Ýewropa ligasynda indiki tapgyra çykan toparlar

UEFA Ýewropa ligasynda nobatdaky tapgyrda çykyş etmek hukugyna eýe bolan toparlar 8 oýundan soňra kesgitlenildi.

“Galatasaraý” bilen bir hatarda “Gyzyl ýyldyz” (Serbiýa), “Eintraht Frankfurt” (Germaniýa), “Baýer Lewerkuzen” (Germaniýa), “Lion” (Fransiýa), “Monako” (Fransiýa), “Spartak Moskwa” (Russiýa), “West Ham” (Angliýa) ýaly toparlar bilen duşuşjak täze toparlar belli boldy.

Olaryň hataryna “Porto”, “Sewilýa”, “Leýpsig”, “Atalanta”, “Barselona”, ​​”Reýnjers”, “Real Betis” we “Braga” goşuldy.

Şu gün geçiriljek bije çekişligiň netijesinde duşuşjak toparlar belli bolar.

ÝEWROPA LIGASYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI:

“Dinamo Zagreb” (Horwatiýa): 1 – “Sewilýa” (Ispaniýa): 0 (1-3)

“Real Sosyedad” (Ispaniýa): 1 – “Leýpsig” (Germaniýa): 3 (2-2)

“Olimpiakos” (Gresiýa): 0 – “Atalanta” (Italiýa): 3 (1-2)

“Lazio” (Italiýa): 2 – “Porto” (Portugaliýa): 2 (1-2)

“Napoli” (Italiýa): 2 – “Barselona” (Ispaniýa): 4 (1-1)

“Reýnjers” (Şotlandiýa): 2 – “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa): 2 (4-2)

“Real Betis” (Ispaniýa): 0 – “Zenit” (Russiýa): 0 (3-2)

“Braga” (Portugaliýa): 2 – “Şerif” (Moldowa): 0 (0-2) – 3-2 “Braga” tapgyry jerime urgusyndan geçdi.

 

Türkmenistanda glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan çörek öndürilýär

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy