Argentinanyň ýygyndysy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym final duşuşygynda Angliýanyň toparyndan 2:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Oýun Atlanta şäherinde geçirildi.
Argentinanyň gollaryny Enso Fernandes (85-nji minut) we Lautaro Martines (90+2) öz adyna ýazdylar. Utulan topardan bolsa Entoni Gordon (55) tapawutlandy.
19-njy iýulda geçiriljek finalda Argentina ýygyndysy mundan öň fransuzlary utup (2:0) finala çykan Ispaniýanyň topary bilen oýnar.
Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi futbol boýunça dünýä çempionatlarynda gol paslarynyň sany boýunça öz şahsy rekordyny täzeledi.
Messi 2026-njy ýyldaky dünýä birinjiliginiň Angliýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen ýarym final duşuşygynda iki sany gol pasyny berdi. Indi argentinaly oýunçynyň hasabynda 12 sany gol pasy bar. Bu görkeziji boýunça ikinji orny onuň watandaşy Diego Maradona (8) eýeleýär.
Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Ol taryhda ilkinji gezek 48 ýygyndynyň gatnaşmagynda guralýar.
