Malaýziýanyň “Petronas” korporasiýasy şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki gaz ýataklarynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmäge başlar. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibragimiň beýanatyna salgylanyp, Malaýziýanyň “New Straits Times” gazeti habar berýär.
Malaýziýanyň Hökümet Baştutanynyň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konserni, “Hazarnebit” döwlet kärhanasy we “Petronas” kompaniýasynyň şahamçasy bolan “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.” Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji ygtyýarnamaly deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekişdiler. Mundan başga-da, geljegi uly bolan 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda 2D seýsmiki gözleg işlerini geçirmek barada Ylalaşyk baglaşyldy.
“Bu taryhdaky iň çalt amala aşyrylan taslamalaryň biridir. Adatça, şertnamalaryň kabul edilen gününden burawlama işleriniň başlanmagyna çenli bir ýarym ýyldan iki ýyla çenli wagt geçýär” diýip, Anwar Ibragim Malaýziýanyň parlamentiniň wekiller palatasynda geçirilen duşuşygynda belledi.
Premýer-ministriň aýtmagyna görä, Türkmenistandaky taslama Malaýziýany dünýäniň iň iri tebigy gaz gorlaryny özleşdirmäge gatnaşýan ýurtlaryň hataryna girmäge mümkinçilik berer. Ol bu wakany “Malaýziýa, aýratyn-da, ‘Petronas’ üçin gaty oňat habar” diýip atlandyrdy.
