Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň barşynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi.
Kararda:
— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmalydygy we Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçirmelidigi bellenildi.
