JEMGYÝET

Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty üçin meýletinçiler taýýarlanýar

2026-njy ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Öňde duran iri halkara çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýörite okuw maksatnamasy esasynda daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis we nemes dillerini bilýän meýletinçiler hem taýýarlanylýar.

 Okuwlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tejribeli mugallymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda, agzalan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýär.
Tematiki ugurlaryň ençemesini öz içine alýan okuw maksatnamasynyň çäklerinde meýletinçilere diplomatik protokol, etiket, atçylyk sporty, weterinariýa talaplary, logistika, metbugat bilen işleşmegiň aýratynlyklary, şeýle hem ahalteke bedewleriniň taryhy, nesil ugurlary we milli mirasymyzdaky orny barada giňişleýin düşünje berilýär. Şeýle hem ýokary derejeli myhmanlary garşylamagyň, ugratmagyň we olar üçin degişli hyzmatlary ýerine ýetirmegiň düzgünleri düşündirilýär.
Mundan başga-da, okuw sapaklarynda meýletinçi talyplar atly sport bäsleşikleriniň we gözellik bäsleşiginiň halkara düzgünlerini, Halkara atly sport federasiýasynyň weterinariýa we doping-gözegçilik kadalaryny özleşdirýärler, halkara media gulluklary bilen utgaşykly iş alyp barmagyň tärlerini iňlis we nemes dillerinde kämil derejede ulanmagy öwrenýärler, Niderlandlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň medeni aýratynlyklary bilen tanyşýarlar. Şunda talyp ýaşlaryň atçylyk, atly sport, weterinariýa we halkara çäreleri guramak ugruna degişli hünär leksikasynyň hem-de söz baýlygynyň yzygiderli ösdürilmegine ähmiýet berilýär.
Okuw sapaklaryna 3-nji iýulda badalga berildi hem-de ol awgust aýynyň aýagyna çenli dürli mowzuklar boýunça alnyp barlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady