TEHNOLOGIÝA

Emeli aň goldawly terjime hyzmaty

“Facebook”, “Instagram” we “WhatsApp” ýaly jemgyýetçilik torlarynyň eýesi “Meta” kompaniýasy ähli dillerde sözüň dessine terjimesini üpjün etmegi maksat edinýän emeli aň goldawy bilen işleýän terjimeçini döretmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýanyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg “Inside the Lab” çäresinde özüniň geljekdäki taslamalary barada maglumat berdi. Adamlara fiziki enjamlar bilen erkin aragatnaşyk saklamaga kömek etmek üçin sanly ses kömekçisiniň üstünde işleýändigini aýdan Sukerberg, “CAIRaoke” atly taslamanyň çäginde dörediljek sanly kömekçileriň adamlaryň ulanyjylara nädip kömek etmelidigini öwrenjekdigini aýtdy.

Mark Sukerberg wirtual we fiziki dünýäleriň arasynda hereket edip biljek emeli intellekt kömekçilerini döretmäge umyt edýändigini aýtdy.

Ähli dillerde gürlenilýän pursatynda dessine terjime edilmegini gurnamagy maksat edinýän emeli intellekt taslamasynyň üstünde işleýändigini mälim eden Sukerberg, islendik dilde islendik adam bilen aragatnaşyk gurmak ukybynyň adamlaryň arzuw edýän ägirt güýçdügini aýtdy.

 “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady