Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyryna ak pata berildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ulag düzümi boýunça ägirt uly taslamanyň Tejen-Mary böleginiň gurluşygyna girişildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegine ilkinji gara örtük düşemek işine badalga berildi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, ýerli telekeçiler tarapyndan uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar.
3 tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilen bu ägirt uly taslamanyň birinji tapgyry bolan Aşgabat-Tejen bölegi geçen ýyl ulanylmaga berlipdi.
Bu iri taslamanyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder.
Gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir.
Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürlige, onuň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýokary tizlikli ýoluň 2-nji tapgyryny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary — Türkmenabat aralygy) bolsa 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.