Birleşen Arap Emirlikleri “COVID-19” koronawirus ýokanjy döwründe Abu-Dabi şäherine gelinende karantin talap edýän ýurtlaryň sanawyndan Türkiýe Respublikasy çykaryldy.
Türkiýäniň Abu Dabidäki ilçihanasy COVID-19-a garşy öňüni alyş çäreleriniň çäginde BAE tarapyndan amala aşyrylan syýahat sanawyny täzeländigini habar berdi.
“BAE-niň hökümeti tarapyndan 15-nji fewralda Abu Dabä syýahat etmek üçin karantin talaplaryny ýatyran Türkiýe ýaly ýurtlaryň bir toparynyň “Ýaşyl sanaw” sanawyna goşuldy” – diýlip beýanatda bellenilip geçilýär.
Beýanatda Türkiýeden Abu-Dabä syýahat etjek adamlardan uçuşdan 48 sagat öň negatiw PSR synagynyň netijenamasyny almagynyň zerur bolup durýandygy we bu ýurda barandan soňra hem bu synagynyň dowam etjekdigi bellenildi.
Türkiýeden Abu-Dabä gelýän ýolagçylaryň arasynda COVID-19-a garşy 2 doza sanjym alanlaryň 6-njy günde PSR synagyndan geçiriljekdigini we sanjymlary doly tamamlanmadyklaryň bolsa, 6-njy we 9-njy günde synagdan geçiriljekdigi bellenildi.
BAE-niň hökümeti 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Türkiýe ýaly käbir ýurtlary “Ýaşyl sanaw” sanawyndan çykarypdy.
Şeýle hem şu ýerde bellemeli zatlaryň biri hem Türkmenistan BAE-niň “Ýaşyl sanaw” sanawyndan ozaldan bäri bar. Bu sanaw BAE syýahat etmek isleýän döwletleriň raýatlaryna giň mümkinçilikler döredýär.