BILIM

Hytaý türkmen ýaşlaryna bilim bermäge taýýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz bu söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem uly üns berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer ugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada beren beýanatynda bilim ulgamynyň Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny belledi.

Hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýaşlarymyza bilim bermäge taýýardyklaryna ýokary baha berýäris, türkmen ýigitleri we gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň iň abraýly okuw mekdeplerinde tehniki we ynsanperwer bilimleri üstünlikli özleşdirýärler, diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

 

 

Hormatly Prezidentimiz Hytaýyň abraýly metbugat serişdelerine interwýu berdi

Related posts

Aspirantura-doktorantura: arzalaryň kabul edilýän senesi

Talyp-2025:Türkmen oba hojalyk instituty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri