SPORT

“Awstraliýa Açyk”: 44 ýyldan soňra gazanylan üstünlik

Awstraliýada geçirilen tennis ýaryşlarynyň iň naýbaşysy hasaplanýan “Awstraliýa Açyk” ýaryşynda zenanlarda awstraliýaly tennisçi Eşli Barti ýeňiji boldy. Onuň bu ýeňşi özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Ýagny, 44 ýyldan soňra Awstraliýada geçirilýän ýaryşda ýer eýelerinden bir türgen ýeňiş gazandy.

Eşli Barti finalda amerikaly garşydaşy Daniel Kollinzi 6:3, 7:6 (7:2) hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Barti 1978-nji ýylda “Awstraliýa Açyk” ýaryşynda ýeňiş gazanan awstraliýaly Kris О’Nillden soňra bu ýaryşda ýeňiş gazanan ýerli türgen boldy.

Şeýle hem ol 2000-nji ýyldan bäri, bu ýaryşda ähli garşydaşlaryny ýeňen 4-nji türgen boldy. Mundan ozal, şeýle üstünligi amerikaly Lindsi Dewenport (2000) we Serena Uilýams (2017), şeýle hem Mariýa Şarapowa (2008) gazanypdy.

25 ýaşyndaky Barti uly tennis ýaryşlaryndaky 3-nji ýeňşini baýram etdi. Ol ozal “Roland Garros” (2019) we “Uimbldon” (2021) ýaryşlarynda ýeňiş gazanypdy.

“Awstraliýa Açyk” ýaryşynda ýeňiş gazanan Barti 2 million 875 müň awstraliýa dollary möçberinde pul sylagyny gazandy.

 

Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna haýsy Prezidentler gatnaşýar?

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri