BIZNES

“Samsung” girdejisini ýokarlandyrdy

Sarp ediş elektronikasyny we ýarymgeçirijileri öndürýän Günorta Koreýanyň “Samsung Electronics” kompaniýasy 2021-nji ýylyň soňky çärýegi barada hasabaty ýaýratdy. Umuman aýdanyňda, geçen ýylda kompaniýanyň arassa girdejisi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende bir ýarym esse artyp, 39,244 trillion won (takmynan 32,7 milliard dollar) boldy.

“Samsung Electronics” kompaniýasynyň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18 göterim ýokarlap, 279,605 trillion wona (233,4 milliard dollar) deňeçär boldy, amal girdejisi bolsa 51,634 trillion wona (43 milliard dollar) barabar boldy. Bu, 2020-nji ýyldakydan 43% ýokary.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, girdejiniň ýokarlanmagyna taýýar önümleriň öndürilmegi we gymmat bahaly smartfonlaryň, telewizorlaryň we durmuş enjamlarynyň satuwynyň artmagy uly goşant boldy.

“Bloomberg” neşiriniň habaryna görä, “Samsung” kompaniýasynyň çykdajylary nukdaýnazaryndan çip önümçiligini ýokarlandyrmak üçin 43,6 trillion won ýa-da takmynan 36,3 milliard dollar sarp edildi.

 

 

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni!

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär