SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

19-njy ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! 

Mähriban okyjylar! Ýyldyzlaryň hereketiniň  19-njy ýanwarda ykbalyňyza ýetirýän täsirini bilmek isleseňiz, size şu günüň täleýnamasyny hödürleýäris.

Mähriban okyjylar! Siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne ýasyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Karýera üçin üstünlikli gün, täsirli adamlar bilen möhüm, peýdaly gatnaşyklary ýola goýmagyňyz mümkin. Zähmet işjeňligiňiz, elbetde, gowy we peýdaly netijeleri berer. Her bir hereketiňiz hakda gowy pikir etseňiz, ýakyn wagtda üstünlik size garaşýar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Şahsy durmuşdaky, dostlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen aragatnaşykda ýüze çykjak kynçylyklar bilen baglanyşykly hysyrdyly gün. Öz pozisiýaňyzy berkitmegiň we erjelligi görkezmegiň ýollaryny gözläň. Duşmanlaryň hileleri bilen baglanyşykly garaşylmadyk päsgelçilik, maksatlaryňyza ýetmegiňizde kynçylyk döredip biler, ýöne ýyldyzlar düýpli karar bermezligi maslahat berýärler. Säglyk ýagdaýyňyza üns beriň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün durmuş potensialy ýokary derejede bolar. Alçaklygyňyzyň, duýgurlygyňyzyň ýokarlanmagy gaty ähtimaldyr. Ýöne gutarylmadyk iş, erbet habarlar ýa-da şahsy durmuşyňyzdaky kynçylyklar bu gün doly dynç almaga mümkinçilik bermez.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Iş kagyzlary, resminamalar ýa-da gymmat materiallar bilen işläniňizde seresap boluň –  kynçylykly meseleler bu gün şol sebäpli ýüze çykar. Gödeklikden we hemme zatda agalyk etmek isleginden gaça duruň. Işleşýän adamlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzyň ýaramaz bolmagy siziň höwesiňizi gaçyryp biler. Özüňizi ele alyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Häzirki wagtda garaşylmadyk ykbalyň öwrümleri bolmagy mümkin. Eset aýal-gyzlarynda birneme dawa-jenjelli meseleler ýa-da agyr wezipeleri ýerine ýetirmek zerurlygy ýüze çykar. Eset erkeklerine gyzykly teklip garaşýar, bu bolsa olary iň ýokary işjeňligi we netijeliligi görkezmäge mejbur eder. Ýöne baglanyşylan şertnamalar islenýän netijeleri bermez. Her niçik-de bolsa, ruhdan düşmejek boluň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün ruhy ösüş, ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we energiýaňyzy dogry ugrukdyrmak ukyby bilen tapawutlanar.  Bu günki gazanjak ähli üstünlikleriňiz, ýagdaýa dogry baha bermek, zerur tanyşlyklary açmak we iň az tagalla bilen maksada ýetmek ukybyna bagly bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Häzirki wagtda işiňize ýa-da saglygyňyza çynlakaý täsir edýän bir waka bolup biler. Düşünişmezlikler, özdiýenlilik etmek ýa-da ýoldaşyňyzyň tankytly sözlerini diňlemek islemezlik deňagramlylygy we ynamy bozar, ýagdaýyň kynlaşmagyna getirer. Diňe ýokary ahlak häsiýetleri günüň negatiw meýillerini azaldyp biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Diplomatiýaňyz we ýalňyşlyklary bagyşlamak ukybyňyz maşgala rahatlygyny ýa-da maddy abadançylygy güýçlendirmek üçin amatly şertleri döredip biler. Şeýle-de bolsa, durmuş potensialyňyz şeýle bir ýokary welin, ýagdaýlara ýa-da ýoldaşyňyzyň size bolan hakyky garaýşyna obýektiw baha bermek kyn bolar. Karar bermejek boluň, kiçigöwünliligiňizi saklaň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Günüň başlamagy möhüm şahsy kararlary talap eder. Häzirki wagtda oňyn we otrisatel çynlakaý üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem, ýoldaşyňyz bilen ähli gatnaşyklary bes etmegiňiz ýa-da tersine, sazlaşyk we şatlyk tapmagyňyz mümkin. Düýşleriňiziň hakykata öwrülmek mümkinçiligi ýokarydyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ykbal henizem siziň çydamlylygyňyzy, tutanýerliligiňizi, durmuş ýörelgelerine wepalylygyňyzy synap görýär. Islendik meýilnamalar, jemgyýetçilik gatnaşyklary, şahsy duşuşyklar gysga möhletli bolar we netijede karýeranyň ösmegine ýa-da maliýe üstünliklerine ýaramaz täsir eder. Häzirki wagtda düýşleriňiziň amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Maşgala we hünär işlerinde kynçylyklardan doly howply gün. Belki, kärdeşleriňiz ýa-da başlyklaryňyz size umyt baglaýandyrlar. Sabyrlylygy we çydamlylygy görkeziň. Şahsy durmuşyňyzda ýa-da islenmeýän adamlar bilen aragatnaşykda kynçylyklaryň ýüze çykmagy ähtimal. Saglygyňyz bilen baglanyşykly kynçylyklar bolup biler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün siz üçin diýseň amatsyz. Garaşylmadyk ýagdaýlar, keýpiňiziň gowy bolmazlygy sebäpli dostlaryňyz bilen gatnaşyklar has kynlaşyp biler. Öz mümkinçilikleriňize aşa ýokary baha bermäň. Üstünlikleriň ilkinji nobatda birnäçe ýyllyk tejribelilik we ýakynlaryňyz bilen dogruçyl bolmak bilen kesgitlenilýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Ýogsam ýeňlişden gutulmarsyňyz. Ýyldyzlar bu gün özüňizi saklamagy başarmaklygy maslahat berýärler.

Atçylyk pudagyna maliýe serişdeleri bölünip berler

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama