DÜNÝÄ

1,5 million ýyl yza dolanarlar

Alymlar 1,5 million ýyl mundan ozalky şertleri öwrenmek üçin gözleg işlerine başladylar. -60 dereje geçirilen gözlegde 3 müň metr çuňlukdan buz nusgalary ýygnalar.Dünýäniň howa taryhyny açmak we global ýylylygyň täsirlerine has gowy düşünmek üçin Günorta polýusda täze gözleg başlandy. 7 ýyl dowam etjek taslama bilen takmynan 3 kilometr çuňlukdan buz nusgalary alnar.

Şeýlelik bilen, alymlar 1,5 million ýyl ozal howa şertlerini gözden geçirmegi we bu döwürde bolup geçen üýtgeşmeleri ýüze çykarmagy maksat edinýärler.

Italiýaly we fransuz alymlarynyň topary şu wagta çenli 130 metr çuňluga düşmegi başardy.

Bahasy 11 million ýewro hasaplanan bu taslama bilen 7 ýylyň ahyrynda 2700 metr çuňluga düşmek meýilleşdirilýär.

Alymlar -60 gradus aşa sowuk bilen hem göreşýärler. “Epica” diýlip atlandyrylýan taslamanyň birinji tapgyrynda 1996-2005-nji ýyllar aralygynda 800,000 ýyllyk buz nusgalary alnypdy.

 

“Hollywood”-yň meşhur ýyldyzy barada film surata düşüriler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy