SPORT

Italiýanyň Naýbaşy kubogyny “Inter” gazandy

Italiýanyň Naýbaşy kubogy, ýagny Superkubogyny gazanmak ugrunda geçirilen duşuşykda “Inter” topary “Ýuwentus” toparyndan üstün çykdy. 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Inter” topary 6-njy gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy.

“Inter” toparynyň tälimçisi Simone Inzagi üçin toparyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji kubogy boldy. Şeýle hem ol sport durmuşynda 4 kubok gazandy. Şolaryň 3-si Italiýanyň Superkubogydyr. Inzagi “Ýuwentus” topary bilen hem ozal 2 gezek Superkubogy gazanypdy.

Duşuşygyň 25-nji minutynda Ueston Makkeni “Ýuwentus” toparyny öňe geçirdi. 35-nji minutda “Inter” toparyndan Lautaro Martines 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby deňledi.

Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Goşmaça wagty 121-nji minutynda Aleksis Sançesiň geçiren goly bilen “Inter” topary 6-njy gezek Superkubogyny gazandy.

“Inter” topary soňky gezek 2010-njy ýylda bu kubogy gazanypdy. Italiýanyň Superkubogyny iň köp gazanan toparlar “Milan” bilen “Ýuwentus” toparlarydyr.

Aleksis Sançesiň geçiren goly Italiýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşyklarda iň soňky minutlarda geçirilen goldur. Mundan ozalky rekord Gonsalo Iguaina degişlidir. Ol 2014-nji ýylda ýene-de “Ýuwentus” toparynyň derwezesinden 118-nji minutda gol geçiripdi.

 

Smolow “Dinamo” toparyna geçdi

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy