BIZNES

Türkmenistanda A-98 kysymly benzin öndürilip başlandy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu önümçilik toplumynda häzirki wagtda çig nebiti gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.

“Ýewro-6” standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologiýa taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy.

Niderlandlar Patyşalygynyň “Saibort” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, bu önümiň “K-5” ekologiýa talaplaryň we “Ýewro-6” standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi baradaky kepilnamalaryň berlendigi habar berildi.

Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

 

 

Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranda saparda bolar

Ýene-de okaň

Baku Energetika hepdeligi: 8 milliard dollarlyk şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär